Astrahanda geçen bäsleşik

10 Maý 2024
658

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň 8-9-njy synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen düzme ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy esasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» at bilen guraldy. Astrahanyň Priwolžsk etrabynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň okuwçylary bäsleşikde özleriniň ukyp-başarnyklaryny, ýiti zehinlerini görkezdiler. Olar işlerine döredijilikli çemeleşip, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür beýanyny, döredijilik aýratynlyklaryny, öňe sürýän taglymatlaryny çuňňur beýan etmegi, giňişleýin açyp görkezmegi başardylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, aýratyn tapawutlanan zehinli okuwçylar ýeňiji diýlip kesgitlenildi. Olara Diplomlar, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Biz hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» at bilen geçen düzme ýazmak bäsleşiginde ýeňiji bolan zehinli okuwçylaryň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Taýýarlan Gülsoltan ANNAGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti» gazetiniň jogapkär kätibi.
Beýleki habarlar