Bagtyýarlygyň gözbaşy

9 Maý 2024
390

Ýangyn hadysasy dörände, raýatlaryň öz ýerine ýetirmeli işlerini bilmekleri hökmanydyr. Ýangyn söndüriji toparlarynyň öz wagtynda çagyrylmagy ýangynyň uly meýdany eýeläp, ýaýramagynyň öňüni almaga ýardam edýär.

Häzirki wagtda ýangyn söndüriji toparyny çagyrmagyň, olara habar bermegiň serişdeleri köpdür. Raýatlar jaýlardadyr desgalarda ýangyn dörän halatynda, haýal etmän, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyna telefon arkaly 01 belgä ýa-da öýjükli telefonyndan 001 belgä habar bermeli. Habar berlende, ýangynyň dörän ýerini, nämäniň ýanýandygyny, öz adyny, telefon belgisini, salgysyny habar bermeli, şol bir wagtyň özünde, ýangyn söndüriji toparlaryny garşylap, ol ýere barylýan iň gysga, amatly ýoly görkezmek üçin, bir adam bellemeli. Şeýle-de ýangyn söndüriji serişdelerini ulanyp, ody söndürmegiň çäresini görmeli.

Hemra BEGLIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň bölüm müdiri, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar