Kalbymyz joşa geldi

9 Maý 2024
365

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda welaýatymyzyň Bäherden etrabynda “Bäherden” sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde “Ýaşlyk” suw arassalaýjy desganyň açylyp, ulanmaga berilmegi, şeýle-de welaýatymyzyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýynyň sowgat edilmegi ählimizde buýsanç duýgusyny döretdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna şan goşan bu wakalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň ýolunda guwandyryjy pursatlara beslendi.

Dünýäde ösüşleriň we özgerişleriň ýurdy hökmünde giňden tanalýan Türkmenistan Watanymyzy ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösdürmekde, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde maksatnamalaýyn amala aşyrylýan işleriň ähmiýeti uludyr. Gündelik durmuşymyzda bolup geçýän wakalar, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bolsa, bu ugurdaky tutumly işleriň rowaçlanýandygynyň buýsançly subutnamasydyr.

Döwrannazar BABANAZAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň işgäri.
Beýleki habarlar