Ýaş nesil alada bilen gurşalýar

9 Maý 2024
421

Ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladanyň barha rowaçlanýandygyny görüp, beýik döwrümize bolan guwanç-buýsanjymyz goşalanýar. Bu gün bagtly çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen berkarar Watanymyzda çagalar baglarynyň, mekdepleriň döwrebap binalary gurulýar, nesliň saglygy hakdaky alada Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn üns merkezinde saklanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda ýakyn wagtda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýandygy bilen baglylykda, Awazadaky dynç alyş-sagaldyş merkezleri, welaýatlardaky hem-de Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tomus möwsümine talabalaýyk taýýarlamak boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryk bermegi, şeýle-de 8-nji maýda Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişleriniň hasabyna satyn alnan kämil lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilmegi hem ýaş nesil hakda edilýän aladalardan gözbaş alýar.

Aýjeren BALLYÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar