Ýeňiş gününe bagyşlanan dabara geçirildi

9 Maý 2024
587

Ýeňiş gününe bagyşlanyp geçirilýän çäreler, dabaralar ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýar. Düýn, 8-nji maýda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Ýeňiş güni mynasybetli çäre geçirildi. Geçirilen dabara Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary, weteranlar we myhmanlar gatnaşdylar. 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň iň arzyly myhmanlary  Beýik Watançylyk urşunda öz janyny orta goýan weteranlarymyz bolsa gerek.

Dabaranyň başynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň ýolbaşçysy: «9-njy maý Ýeňiş gününiň aýratyn mukaddes günüdir beýik gahrymançylygyň hem-de deňsiz-taýsyz watansöýüjiligiň nyşany bolan gahrymanlarça söweşen, tylda tutanýerli zähmet çeken adamlaryň öçmejek edermenligine uly hormat goýýarys» diýip aýratyn nygtady.  Şeýle hem Ýeňiş güni bilen ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.

Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».
Beýleki habarlar