Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

9 Maý 2024
373

Şygyr bäsleşigi geçirildi

Hepdäniň sişenbe güni Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçe medeniýet öýünde TKA-nyň etrap birleşmesiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp şygyr bäsleşigi geçirildi. «Beýik bir döwlete öwrüldi Diýar, Türkmenistan ajap ýurdum berkarar» diýlip atlandyrylan bu şygyr bäsleşigine etrabyň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň maksady akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligini ýaş nesillere ýetirmekden we wagyz etmekden, onuň edebi mirasyna bolan söýgini artdyrmakdan hem-de dabaralandyrmakdan ybarat boldy.

Beýleki habarlar