Watan gahrymanlary bakydyr

9 Maý 2024
450

1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanyp Köneürgenç etrabynyň pagta egriji fabriginiň mejlisler eýwanynda «Watan gahrymanlary bakydyr» ady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Ony etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary, medeniýet bölümi bilelikde guradylar. Dabaraly maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän  bagtyýar ildeşlerimiz gatnaşdylar. Maslahatda il sylagly ýaşuly Halnazar Nurmuhammedow, mährem ene Nartäç Gurbanmedowa, ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň başlygy Hudaýnazar Durdyýew, etrapdaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Şatlyk Aýmakow dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda 1941—1945-nji ýyllarda bolup geçen ýowuz uruşda türkmen gerçekleriniň görkezen edermenligi, gahrymançylygy barada aýtmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  aladasy bilen uruş weteranlaryna, olaryň ýanýoldaşlaryna, tylda zähmet çekenlere uly sylag-hormat goýulýandygy, batyrlygyň belent nusgasyny görkezen gerçekleriň bu günki gün atlarynyň ebedileşdirilip, obalara, köçelere, mekdeplere dakylýandygy barada anyk mysallar arkaly gürrüň berdiler.

Soňra dabara etrap medeniýet bölüminiň aýdym-sazly çykyşlary, edebi-sazly kompozisiýasy, sahna oýunlary bilen dowam etdi. Aýdymlarda parahat durmuşymyz, Watan mukaddesligi, eşretli zamanamyz, gerçekleriň edermenligi öz beýanyny tapdy. Şeýle hem Köneürgenç etrabyndaky 12-nji çagalar bagynyň çagalar toparynyň ýerine ýetiren «Parahat Watanymda» atly aýdymy çärä gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar