Ýatda galyjy agşam

8 Maý 2024
653

Ýakynda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Umumygoşun fakultetiniň Bronetank ýaraglary we tehnikalary kafedrasy tarapyndan 2-nji ýyl harby talyplar bilen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli, «Ýeňiş baýramy — gahrymançylygyň baýramy» atly terbiýeçilik agşamy guraldy. Agşamyň barşynda harby talyplar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan parasatly watançylyk jümleleri bilen çykyş etdiler. Olar «Kitap paýhas çeşmesidir», «Gahrymanlar ebedi ýaşaýarlar», «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» ýaly bölümçeler boýunça-da öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Toparlara bölünip geçirilen agşamda öwrenilýän harby tehnikalaryň gurluşyna we ulanylyşyna degişli sowal-jogaplar alşyldy, amaly hereketli kadalar ýerine ýetirildi, goşgy setirleriniň we suratlaryň üsti bilen Ýeňiş gününi, şol bir wagtda hem uruş weteranlarymyzy wasp etdiler. Bu agşamda harby talyplaryň watançylyk we millilik duýgularyny ösdürmäge, okap özleşdirýän derslerine bolan işjeňliklerini ýokarlandyrmaga, harby hünärlerini berkitmäge aýratyn üns berildi. Harby talyplardan Begenç Babamyradow, Allanazar Saparow, Süleýman Söýegow dagy terbiýeçilik agşamyna has-da işjeň gatnaşyp, sagbolsunlara mynasyp boldular.

Şöhle GUDYKOWA,
kapitan.
Beýleki habarlar