Pyragynyň arzuw edip isläni — parahatlyk gurşap alsyn dünýäni!

8 Maý 2024
455

Çärýek asyrdan geçen ýyllar içinde ýurdumyz tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň nygmaty. Emma taryhyň sahypalaryna ser salanyňda halkyň aňynda öçmejek yz goýan hasratly ýyllara hem gabat gelmek bolýar. Şeýle ýyllaryň biri-de — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen ýyllar. Şol döwürde diňe bir urşa gatnaşyjylar däl, eýsem, tylda galyp zähmet çekenler hem köp kynçylyklara sezewar boldular. Biz hem şol döwürde halkyň derdini gerdeni bilen deň çekişen zenan — Köneürgenç etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň ýaşaýjysy, 7 perzendiň, 34 agtygyň we 9 çowlugyň enesi Ýaňyl TAGANOWA bilen gürrüňdeş bolduk:

— Ol ýyllar iň agyr, iň kyn ýyllardy. Obada ýaş çagaly aýallar we garrylar galypdy. Ähli erkek adamlar uruşda bolansoň, bar işler özümize galypdy. Uruş başlanan ýyllarynda men entek ýaşajyk gyzjagazdym. Bir bölek çörek tapmak kyn hem bolsa, göwnümizde bir ynanç, bir güýç ýaşaýardy: «Hökman, uruş tamamlanar we gidenler sag-aman geler». Biz şu günki bagtly döwri arzuw edip ýaşadyk. Şol arzuw bilen gündizler depäňi gaýnadýan yssyda ýadawlygy bilmän zähmet çekerdik. Gijeler nurana Aýyň ýagtysyna obanyň gelin-gyzlary bilen dokma dokardyk, jorap örerdik.

Gürrüňi ýazga geçiren Mähri AMANOWA,
Köneürgenç etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar