Akyldaryň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti

8 Maý 2024
507

Milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň hazynasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi aýratyn orny eýeleýär. Watana, halka bolan söýgi şahyryň islendik goşgusynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyrymyz ýaşlaryň päk zähmete uýgunlaşmagynyň örän möhümdigini nygtaýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli orta mekdepleriň okuw meýilnamalarynda Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyny okap, many-mazmunyna çuň akyl ýetirmekleri üçin başlangyç synplardan başlap onuň ömür-döredijiligine bagyşlanan bäsleşikler, çeper okaýyşlar, aýdym-sazly agşamlar geçirilýär.

Akgül ÝOLLYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar