«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly döredijilik bäsleşigine

8 Maý 2024
435

Döwürleriň, göwünleriň şahyry

Şygryýet diýlende türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Magtymguly Pyragy döwürleriň, göwünleriň şahyry. Çünki tutuş Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzyna öwrülen şahyryň şygryýet dünýäsi ynsan kalbyny nurlandyrýan, ýaşaýşa hyjuw, ahlakly durmuşa höwes döredýän pelsepewi ummandyr. Dürdäne pikirleri bilen ýürekleriň töründen orun alan Magtymguly Pyragynyň gözbaşy arassa çeşmäniň suwy deýin jana şypaly şygyrlar hazynasy ähli ynsany halal we ýagty durmuşa çagyrýan pelsepedir. Beýik söz ussadynyň döredijiliginiň dünýä ýurtlarynda öwrenilmegi türkmen edebiýatyna bolan belent hormatdan, şahyra bolan mizemez söýgüden nyşandyr. Sözüň beýik gudratyny goşgularyna siňdiren Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkyň kalbyna müdimi ornaşdy.

Bibi TAGANOWA,
TOHI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar