Ojagyň öçmez alawy

8 Maý 2024
405

Köneürgenç etrabynyň Galkynyş geňeşliginde ýaşaýan Ýaňyl Taganowa 1934-nji ýylda Boldumsaz etrabynyň Guýanagyz geňeşliginde dogulýar. Onuň çagalyk döwri aldym-berdimli uruş ýyllaryna gabat gelýär. Ýaňyl ene: «Ol ýyllar iň agyr, iň kyn ýyllardy. Obada diňe aýal-ebtatlar, garrylardyr çagalar galypdy. Öý-öwzaryň, üstesine-de, kolhozyň garamaty hem şolaryň egnindedi. Men şol mahallar gulpagym örüme-de ýetmedik gyzjagaz bolsam hem, bir bölek çörek tapmagyň aladasy bilen ýaşaýardym. Emma ýeňşe bolan ynam ýaşaýşa umyt bagyşlaýardy» diýip, çagalyk döwrüni ýatlaýar.

Kalplara ganat bitiren ýeňiş habary adamzadyň dünýäsine bahar hoştaplygy bolup kükräp geldi. Il-günüň toýly günlere ýüzi düşdi, toýlar-toýa ulaşyp ugrady.

Mähri AMANOWA,
Köneürgenç etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar