Toý lybasyn geýen Diýar ak ýollarda bagta barýar

8 Maý 2024
426

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe baýar. Diýarymyzyň daşary we içeri syýasatynda uly öňegidişliklere eýe bolunýar. Ähli ulgamlar boýunça belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, olar bilen oňyn hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagy hem giň gerime eýe bolýar.

Ähli ulgamlarda ösüş-özgerişlere eýe bolmagyň özi bolsa, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, abadan ýaşaýyşyna, röwşen geljegine bolan ynamydyr. Şu günki beýik ösüşleriň geljegimize şugla saçmagy göwünleri ganatlandyrýar. Ösüş hiç wagt öz-özünden döremän, oňa içerki we daşarky oňyn täsirlerden başga-da, durnukly binýat, daýanç sütüni, geljegiň gözýetimini salgy berýän çelgi gerek. Diňe maksada okgunly we bilimli adamlar her bir işe döredijilikli çemeleşip, islendik meseläni batyrgaý, bähbitli çözmegi başarýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze döwletlilik taglymaty, çuňňur oýlanyşykly täzeçillik syýasaty, maksatlarynyň aýdyňlygy ýeňişli ýolumyza badalga bolýar.

Beýleki habarlar