Jemgyýetiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň binýady

8 Maý 2024
421

Ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmekde adam hukuklarynyň üpjün edilmegine iňňän möhüm orun degişlidir. Jemgyýetiň ösüşi demokratik ýörelgeler, adam hukuklaryny giňeltmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Döwletimiz şahsyýetiň erkin ösmegi üçin ähli şertleri döretmek bilen, dünýäde özüni demokratik jemgyýeti ösdürýän döwlet hökmünde tanatdy. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy şu esaslarda yzygiderli kämilleşdirilýär. Biziň Esasy Kanunymyz döwletliligiň, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadydyr.

«Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurup, düýpli ykdysady özgertmeleri amala aşyrýarys, tutumly işleri durmuşa geçirýäris. Bularyň ählisi,  ilkinji nobatda, halk bähbitli dünýä nusgalyk beýik işlerdir, hormatly Prezidentimiziň öz mähriban halkyna taýsyz serpaýydyr. Hut şonuň üçin hem halkymyza kämil hukuk ulgamynyň we täze eýýamyň belent maksatlaryny durmuşa geçirmegiň dünýä nusgalyk esaslaryny döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Aýjemal Ýagşymämmedowa,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar