Kalbymyzda baky ýaşaýar

8 Maý 2024
368

Watana söýgi ähli duýgularyň iň arzylysydyr. Taryhda türkmen halky ata Watanyny, ene topragyny jany-teni bilen söýüp, ony gözüniň göreji deýin gorapdyr. Bu mukaddes toprakda ýürekleri Watan diýip urýan Togruldyr Çagry begler, Alp Arslandyr Görogly beg... ýaşap geçipdir. Olar Watana gulluk etmegiň, ony goramagyň beýik nusgasyny görkezipdirler. Watany goran, oňa hyzmat eden gerçekler bakydyr, olaryň geçen şöhratly ýoly her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir.

Watan üçin söweşen gerçeklerimize Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly hormat goýulýar. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanynda gaýduwsyzlyk, edermenlik görkezen türkmen esgerleri, tylda ýeňiş üçin ýadawsyz zähmet çeken ildeşlerimiz döwletimiz tarapyndan hatyralanylýar. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-köpçülik çäreleri ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Aradan köp ýyl geçen hem bolsa, şol ýalynly ýyllarda görkezilen gahrymançylyk biziň kalplarymyzda hemişelik ýaşaýar. Bu ýatlamalar gahrymanlarymyza buýsanç duýgusyny döredýär.

Babageldi ÝAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Köýtendag etrap bölüminiň gözegçisi, leýtenant.
Beýleki habarlar