Bagta rowan menziller

8 Maý 2024
533

Ata Watanymyz gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeler barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Oňyn netijeleriň gazanylmagynda ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Bu möhüm ulgamyň soňky ýyllarda uly ösüşlere eýe bolýandygy bellärliklidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň gurmak, döretmek ýaly ilhalar ýörelgelerine eýermek bilen, halkara ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny gurdurýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen şu ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylmagy hem aýdyň mysallaryň biridir. Täze ýoluň ugrunda gurlan döwrebap binalaryň ählisi sürüjiler we ýolagçylar üçin zerur amatly şertleri özünde jemleýär. Bu döwrebap ýol uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde ýolagçylaryň we ýükleriň bökdençsiz gatnawy üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýerlikli belleýşi ýaly, bu ýoluň gurluşygynyň doly tamamlanmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga şert döreder. Bu bolsa, öz gezeginde, milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly itergi berer. Nesip bolsa, ýakyn wagtda bu döwrebap ýol welaýatymyza-da gelip ýeter. Munuň üçin ýol gurluşykçylarymyz yhlasly zähmet çekip, şol şatlyga beslenjek günleri barha golaýlaşdyrýarlar.

Hawa, ýollaryň ulaglaryň hereketi üçin amatly bolmagy ýol-ulag hadysalaryň ýüze çykmak töwekgelçiligini ep-esli kemeldýär. Muňa garamazdan, hereket howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjileriň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Olar awtoulag serişdeleriniň tehniki taýdan abat ýagdaýda bolmagyny gazanmalydyrlar. Şeýle-de hereket wagtynda degişli kadalary berk berjaý etmelidirler. Şonda ýollarymyzda hereket howpsuz, ömürlerimiz rahat bolar.

Azat POLADOW,
Saýat etrap polisiýa bölüminiň Sakar şäher polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň uly gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.
Beýleki habarlar