Gerçekler Watany beýgeldýär

8 Maý 2024
500

Tejen etrabynyň Medeniýet öýünde etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Ýeňiş güni mynasybetli “Gerçekler Watany beýgeldýär” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz hem-de etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän isgärler gatnaşdy.

Dabarada jemgyýetçiik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezen pederlerimiziň, tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň edermenliginiň watansöýüjiligiň nusgasydygyny, terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýändigini nygtadylar. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň asuda asmanyň astynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar