Okuw maslahat geçirildi

8 Maý 2024
353

Kaka etrabynyň 10-njy çagalar bagynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň hem-de bilim işgärleriniň gatnaşmagynda tomus möwsüminde arassaçylyk kadalaryny, zyýansyzlandyryş we keselleriň öňüni alyş çärelerini, çaga iýmitini, taplama we gyzyklanma çärelerini bildirilýän talaplara laýyklykda guramagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan okuw maslahat geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň “Sagdyn adam — bu sagdyn maşgaladyr, sagdyn maşgala bolsa sagdyn jemgyýetiň ülşüdir” diýen çuň manyly sözlerinden ugur alnyp geçirilen okuw maslahatynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy ugrunda edilýän aladalar barada durlup geçildi, çagalar baglarynyň otaglarynyň, daş-töwerekleriniň hemişe arassa bolmagyny gazanmak hakynda aýdyldy hem-de gymmatly maslahatlar berildi. Işjeň ýagdaýda geçen okuw maslahatda tomus möwsümine ykjam taýýarlyk görmek boýunça tejribe alşyldy.

Şemşat HAJYÝEWA,
Kaka etrabynyň 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar