Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmekde wagyz-nesihat duşuşyklaryny yzygiderli geçirip durýarlar. Şeýle duşuşyklaryň biri oba ýaşaýjylary bilen boldy. Oňa hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, lukmanlar gatnaşdylar. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda edýän taýsyz tagallalary hakynda buýsançly gürrüň edildi. Şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgesi, ýaramaz endiklerden daşda durmak barada giňişleýin durlup geçildi.
Çykyş edenler halkymyzy nurana ýoldan aýdyň geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.