Zenan mertebesi

8 Maý 2024
517

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Gyzylarbat etrap geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilen bilelikde «Zenan mertebesi» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärä edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar, kümüş saçly eneler, talyp we okuwçy gyzlar,  jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agza zenanlary gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda ajaýyp zamanamyzda zenanlara uly hormat goýulýandygy, jemgyýetimizde maşgalanyň mizemezligini üpjün etmek, maşgala gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek, ony berkitmek babatda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi, maşgalanyň abraýynyň onda terbiýelenýän çagalaryň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişi, uly-kiçä bolan hormaty, söýgüsi  bilen kesgitlenilýändigi dogrusynda buýsanç bilen gürrüň edildi. Ýaş nesilleriň Watanyna, halkyna wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Aýnagözel MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar