Edermenler ýüreklerde ýaşaýar

8 Maý 2024
344

Geçen asyryň iň aýylganç wakalarynyň biri bolan 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşy taryh taýdan näçe daşlaşdygyça, ýalynly ýyllaryň gerçekleriniň sany hem şonça azalýar. Mundan 79 ýyl ozal gazanylan arzyly ýeňşe ýurdumyzyň gündogar sebitinden goşant goşan müňlerçe gerçekden häzirki wagtda diňe Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, 97 ýaşly goja Iwan Agupow aramyzda. Weterana düýn welaýat häkimligi, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli wekilleri hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdylar.

Iwan Wasilýewiç rus topragynyň perzendi. Ýöne ol özüni türkmenistanly hasaplaýar. Çünki ykbal onuň ýoluny 1951-nji ýylda Türkmenabat bilen birikdiripdir. Şol ýyldan bäri hem bu şäheriň ýaşaýjysy.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar