Döwre buýsançly weteran

8 Maý 2024
350

1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply söweşine gatnaşan gahryman gerçeklerimiz we şol kynçylykly ýyllarda tylda zähmet çeken ildeşlerimiz uly hormata eýe. Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Diýarymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda-da uruş weteranlaryna, olaryň yzynda galyp, gowgaly ýyllarda zähmet edermenliginiň nusgasyny görkezen mähriban enelerimize hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasyndan Aşyr Öwezdurdyýew hem şol ýalynly ýyllaryň gözli şaýady bolan weteranlaryň aramyzdaky az sanly wekilleriniň biri. Urşuň gyzgyn nokatlaryndaky aldym-berdimli söweşlerde gahrymançylyk görkezen, 100 ýaşa ser uran ýaşuly parahatçylygyň, Watan mukaddesliginiň, il-ýurt abadançylygynyň gymmatyny şu günki nesillere ündeýär.

Gurban ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň Tagtabazar etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar