Tyldaky zähmetiň gahrymanlary

8 Maý 2024
449

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda-da urşuň ýalynly ýyllarynda taplanyp, yhlasly zähmeti, watansöýüjiligi bilen Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna saldamly goşant goşan watandaşlarymyzyň ençemesi bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Olaryň her bir öwüdi, maslahaty ýaşlar üçin şu ajaýyp zamananyň gadyr-gymmatyna düşünmekde gymmatly çelgidir. Bu gezek hem etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri şol gahrymançylykly ýyllaryň janly şaýady bolup, mertligiň, zähmetsöýerligiň nusgasyny görkezen ildeşlerimizi Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutladylar. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýurdumyzyň iň uzak ýaşly raýaty, Bagtly obasynyň ýaşaýjysy Sarygül Mätiýewa hem ýanýoldaşy urşa gidensoň, hojalygyň, kolhozyň agyr işlerini gerdenine alypdyr. Gündizlerine gazy gazyp, ekin ekipdir. Daýhançylygyň ähli muşakgatyna döz gelipdir.

Wepa MÄMETGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Akdepe etrap birleşmesiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar