Iň gowy haly gurnagy

7 Maý 2024
494

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan bäsleşige etrap tapgyrlarynda öňe saýlanan haly gurnaklary gatnaşdyryldy.

Bäsleşikde haly gurnaklarynyň agzalary bolan okuwçy gyzlar gurnagyň işiniň aýratynlygyny açyp görkezýän sergini guradylar hem-de şertleriň birnäçesi boýunça zehin-başarnygyny görkezdiler. Şertlere laýyklykda, olar öz bilim alýan mekdeplerinde hereket edýän haly gurnagyny şygyrlarynyň, aýdymlarynyň üsti bilen şahyryna wasp etdiler, ýanlary bilen getiren haly önümleriniň gutarylmadyk nagşynyň bir bölegini çitip, şol nagyş barada gürrüň berdiler, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden joşup çykan «Arşyň nepisligi» atly kitabyna salgylanyp, türkmen halysynyň gözelligi, haly sungaty, haly nagyşlarynyň taryhy barada gürrüň berýän rowaýatlary, yrymlary, çeper sahnalary ýerine ýetirdiler.

Dilraba HOJAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar