Gülýaprakly elbukja

7 Maý 2024
394

Enemiň elbukjasynyň bardygyny bilsek-de, ony hiç elläp görmändik. Onuň içinde näme bardygyny hem bilemzokdyk. Sebäbi enem ony hiç kime elletmezdi. Ol hemişe elbukjasyny başujunda — ýassygynyň aşagynda goýup ýatardy. Käýarym bolsa ony eline alardy-da, ýanynda kimdir biri oturan ýaly, onuň bilen gürrüňdeş bolardy. Haçan-da kakam enemiň elbukja bilen gürleşýänini görse, bokurdagy dolup, hamsygardy.

Enemiň arzylaýan şol elbukjasyny açyp görmek höwesi, çagalyk bilesigelijiligimiz bir gün bizi enemiň ýanyna alyp bardy. Men ol döwürlerde on bäş ýaşlarymdaky oglandym. Jigim Kemal bolsa on üç ýaşapdy. Men kakam öýde ýok wagty ýuwaşlyk bilen enemiň ýanyna baryp, çekine-çekine oňa elbukjany açyp göresim gelýändigini aýtdym. Enem birbada sesini çykarman, meniň başymdan sypap esli wagt oturdy. Birden men onuň gözlerinden düwmelenip gaçýan gözýaşlary gördüm. Uly ýazyga galan ýaly bolup durşuma: «Ýok, ýok, ene jan, bukjany görmesek hem bolýar. Sen bir aglama» diýip, özelenip, ýalbaryp başladym. Enem meni sag eli bilen berk bagryna basdy-da, çep eli bilen gujagyna elbukjany aldy. Alajabagy açylan elbukjadan gülýapraklarynyň gaçyp ugranyny görüp men has hem geň galdym. Gurap giden gülýapraklar enemiň köýneginiň etegine saman ýaly ses edip dökülip başlady. Soňra enem bize seretdi-de, başyndan geçirenlerini birme-bir gürrüň berdi:

Pirmuhammet ÝALMANOW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Sazyň taryhy we nazaryýeti» bölüminiň mugallymy.
Beýleki habarlar