Dabaraly duşuşyk

7 Maý 2024
455

Ýakynda Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynda «Eneler görüm-görelde mekdebi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. TMÝG-niň etrap Geňeşi we ertap merkezi kitaphanasy tarapyndan guralan bu duşuşyga mährem eneler, şeýle-de köp sanly ýaşlar gatnaşdyW.

Duşuşykda häzirki ajaýyp döwrümizde enelere, gyz-gelinlere, güler ýüzli zenanlara goýulýan çäksiz hormat, olara bildirilýän ynam dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Watanymyzyň ähli ugurlar babatda gülläp ösmeginde zenanlaryň mynasyp paýlarynyň bardygy hakyndaky gürrüňlere uly orun berildi. Duşuşygyň ahyrynda etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlaryna tomaşa edildi. Olaryň gül Diýarymyzy, mähriban enelerimizi, gyz-gelinlerimizi wasp edip, ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Soňra dabara gatnaşan öňdebaryjy zenanlara, etrabyň medeniýet we sungat işgärlerine, kitaphanaçylara we ýaş okyjylara TMÝG-niň etrap Geňeşiniň adyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Daňatar ORAZMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar