Pyragynyň arzuwlan zamany geldi

7 Maý 2024
360

Şeýle at bilen Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çärelerine özboluşly öwüşgin goşan duşuşyga ýaş okyjylaryň uly topary gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň eserlerini we akyldar şahyr hakdaky gollanmalary öz içine alýan sergi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu sergi baý many-mazmuny bilen uly gyzyklanma döretdi. Kitaphananyň okalga zalynda dowam eden duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň belende göterilen hormat-sarpasy, şahyryň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrundaky tagallalary hem-de beýik akyldaryň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüň edildi.

Şirin GARAJAÝEWA,
Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar