Mum heýkelleriniň muzeýi

7 Maý 2024
346

1884-nji ýylda Londonyň Marilebon-roud etrabynda hanym Mariýa Týusso tarapyndan mum heýkelleriniň muzeýi açylyp, häzirki wagta çenli onuň dünýäniň köp ýurtlarynda 20-den gowrak şahamçasy işleýär. Bu bolsa, elbetde, muzeýiň halklar arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Mariýa Týussonyň ejesi mumdan şekil ýasamak bilen meşgullanýan Filip Kýortisiň öýünde işleýän eken. Ol Mariýanyň höwesini hem-de gyzyklanmasyny görüp, gyza halypalyk edýär. Zehinli gyzyň ýasan ilkinji mum şekili fransuz ýazyjysy we filosofy Wolteriň keşbi bolýar.

Mum şekilleriniň ilkinji sergisi 1835-nji ýylda gurnalýar we uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýyllar geçdigisaýy hanym Týussonyň ýasan heýkelleriniň sany barha artyp, heýkeltaraşda döreden eserlerini muzeýde sergilemek pikiri döreýär. Bu muzeý soňy bilen Angliýanyň iň meşhur ýerleriniň birine öwrülýär. Maglumatlara görä, muzeýe ýylda 2,5 milliona golaý adam gelýär. Muzeý döräli bäri bolsa oňa 500 million adam syýahata gelipdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Maksat ÝAKUBOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar