Watansöýüjiligiň, edermenligiň ebedilik nusgasy

7 Maý 2024
403

Ondan bäri köp ýagynlar ýagdy, köp günler, aýlar, ýyllar geçdi. Wagtyň ýanynda gün, aý, ýyl näme? Ondan bäri är ömri geçdi.

Ýagan ýagynlar zeminiň ýüzündäki köp yzlary ýuwup aýran hem bolsa, wagt öz özgertmelerini girizenem bolsa, döwürler üýtgäp, täze nesiller kemala gelenem bolsa, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň agyr synagly, örän köp adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren ýyllary hem-de şol uruşda gazanylan Ýeňiş güni diňe bir ýurduň, bir halkyň däl, eýsem, dünýä taryhynda, adamzat hakydasynda baky orun aldy. Ynha, indi biz 79 ýyl bäri dünýäniň ynsanperwer, parahatçylygy söýýän we onuň gadyryny bilýän, dost-doganlyga sarpa goýýan adamlary bilen birlikde 9-njy maýy — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününi şol uruşda söweş meýdanynda wepat bolanlary hatyralamak, frontdan ýeňiş bilen dolanyp gelenleri, uruş ýyllarynda tylda tutanýerli zähmet çekip, ýeňşiň gazanylmagyna goşant goşanlary hem-de bu günki nesiller üçin edermenligiň, gahrymançylygyň, ýanbermezligiň nusgalyk göreldesine öwrülenleri hormatlamak bilen garşylaýarys.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar