Watançylygyň we borja wepalylygyň belent nusgasy

7 Maý 2024
499

Merdana halkymyz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Urşuň ilkinji aýlarynda ýurdumyzyň harby wekilliklerine urşa meýletin gitmäge isleg bildiren adamlaryň 25 müňden gowragyndan arza gelip gowşupdyr. 1418 gün dowam eden Beýik Watançylyk urşunyň ýüreklere salan yzasyny çekmedik türkmen öýi, maşgalasy ýokdur. Arzyly Ýeňiş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde ildeşlerimiziň müňlerçesi wepat boldy. Olar öz belent milli ruhy, ýanbermez erki, mertligi we gaýduwsyzlygy bilen mähriban Watanymyzy goradylar, geljekki nesilleriň bagty üçin ölmez-ýitmezlige eýe boldular. Nesilleriň ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna beýik hormaty hökmünde söweş meýdanlarynda şehit bolan ildeşlerimiziň ady «Hatyra» kitabyna, öz dogduk mekanyna sag-aman dolanyp gelenleriň ady bolsa «Şöhrat» kitabyna girizildi.

Söweş meýdanlarynda görkezen mertligi üçin türkmenistanlylaryň ýüzlerçesi Gahryman boldy. Olaryň ilkinjisi 1941-nji ýylyň noýabrynda Gahrymanlyk derejesi berlen Gurban Durdydyr. Annagylyç Ataýew, Aýdogdy Tahyrow, Berdimyrat Döwletjanow, Oraz Annaýew, Tagan Baýramdurdyýew, Pena Rejebow we beýlekiler gazaply söweşde gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler.

Batyrmuhammet ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar