Milli döwletliligimiziň synmaz sütünleri

7 Maý 2024
313

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlyklarymyzdyr. Adamy jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyzyň binýatlyk ýörelgelerinden ugur alyp, belentde parlaýan ýaşyl tugumyzyň saýasynda eziz Watanymyzy dünýäniň gülläp ösýän kuwwatly döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy we şeýle mukaddes işler depginini gowşatman dowam etdirilýär.

Konstitusiýa döwletiň we raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlarynyň resmi beýanydyr, şeýle hem ol döwletiň tutuş hereket edýän kanunçylygynyň esasgoýujy binýadydyr. Konstitusiýa sözi «constitutio» diýen latyn sözünden emele gelip, «gurmaklyk, dikeltmeklik, döretmeklik» diýen manylary aňladýar. 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda baky jebisligimizi, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, parahatçylyk söýüjilige we dostluga ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan haly gölleri, zeýtun baldajyklary, bäş ýyldyzdyr ýarymaý şekillendirilen Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi şeýle hem şol ýylyň 18-nji maýynda milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler, demokratik taglymatlar, halkara hukugyň kadalary bitewüleşdirilen Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi bilen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadynyň pugtalandyrylmagy gazanyldy.

«Türkmen dünýäsi».
Beýleki habarlar