Keşdeçilik — milli sungat

7 Maý 2024
295

Zenanlarymyz çagalarynyň milli lybaslaryny bezäp-bejerip geýdirmek bilen, dürli reňkli sapaklardan keşde nagyşlarynyň ençemesini döredipdirler. 1860-1861-nji ýyllarda türkmenleriň arasynda ýesirlikde bolan fransuz Genri de Glubef de Blokwil: «Türkmen zenanlarynyň eşikleriniň ählisinde gyzyl, sary we dok gyzyl reňkler eriş-argaç bolup geçýär» diýip belleýär.

Tebigatyň gözel hem täsin zatlary zenanlaryň synçy nazaryndan sypmandyr. «Goçak», «tärim», «labyr», «alaja», «dagdan», «tegbent», «çigildem», «gülýaýdy», «erikgül», «almagül», «guşdyrnak», «aksuw», «tolkun» ýaly nagyşlar tebigatyň gözelliklerini, ýaşaýyş-durmuş pursatlaryny alamatlandyrypdyr. Bu nagyşlaryň her biri özünde türkmene mahsus häsiýetleri halkymyzyň durmuşyna, ruhy dünýäsine degişli maglumatlary jemleýär. Türkmen tahýasynda ene topragyň ýylysy, zenan kalbynyň mähiri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary bar. Zenanlaryň tahýalara ýerleşdiren keşde nagyşlarynyň aglabasyny Türkmenistanyň çäklerinde Jeýtun, Änew, Daşlydepe, Garadepe, Göksüýri ýaly ýadygärliklerde ýüze çykarylan, gadymy döwürlere degişli arheologiýa tapyndylarynda hem görmek bolýar. Bu bolsa türkmen tahýalarynyň we keşde nagyşlarynyň gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär.

Aýna GELDIMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar