Ýüreklerde baky ýaşar gerçekler

7 Maý 2024
356

Akdepe etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda etrap medeniýet merkezinde Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli «Ýüreklerde baky ýaşar gerçekler» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlary çykyş etdiler. Çykyşlarda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk  urşuna gatnaşan esgerleriň we tylda zähmet çekenleriň, söweşe gatnaşan esgerleriň ýan- ýoldaşlarynyň kynçylykly günlerde görkezen edermenligi hakynda täsirli gürrüň etdiler. Hormatly ýaşulular, eneler halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde milli gahrymanlarymyzyň görelde mekdebi bolup durýandygyny belläp geçdiler. Baýramçylyk çäresi etrabyň medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. 

Dabara gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Akjagül AMANOWA,
TMÝG-niň Akdepe etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar