Usuly okuw maslahatlary geçirildi

7 Maý 2024
332

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň» talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen etraplardaky, Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçy düzüminiň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulyýetçileriniň hem-de orta mekdepleriň ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okadýan mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda «Ýertitreme mahalynda we ýertitremeden soňra dessin hereket etmegi öwretmek» diýen mowzukda usuly okuw maslahatlary geçirildi.

Maslahatlaryň dowamynda oňa gatnaşyjylara ýertitreme wagtynda we ýertitremeden soň okuwçylara howpsuz hereket etmegi öwretmegiň zerurdygy barada giňişleýin düşündirildi. Şertli «Ýertitreme» hadysasy boýunça duýduryş berlenden soň mekdep okuwçylary ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinde ýertitremede özüňi alyp barmagyň düzgünleri boýunça alan bilimlerini amaly ýagdaýda ýerine ýetirdiler.

Aýna ÖWEZOWA,
welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyşa taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri, maýor.
Beýleki habarlar