Weteranlara sowgatlar gowşuryldy

7 Maý 2024
273

Welaýat medeniýet merkezinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa uruş weteranlary, tyl zähmetkeşleri we olaryň perzentleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyplar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda ildeşlerimiziň baýramçylyk gutlaglaryna giň orun berildi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, şol gowgaly günleri başdan geçiren gerçeklerimiziň görkezen gahrymançylygy ýaş nesle nusgalyk mekdep hökmünde kalplarda ebedilik ýaşar. Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň hoşniýetlilige, dostluga we parahatçylyksöýüjilige ýugrulan daşary syýasatynyň ähmiýetine we uruş weteranlary we tyl zähmetkeşleri üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçiliklere aýratyn üns çekildi.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar