Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri «Real Madrid» myhmançylykda «Real Sosiedady» Arda Güleriň 29-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 1–0 hasabynda ýeňdi. «Reala» çempionlyk üçin 4 utuk ýeterlik bolar. 2-nji ýerdäki «Barselona» Lewandowskiniň het-trik eden oýnunda «Walensiýany» 4–2 hasabynda ýeňmegi başardy. «Walensiýanyň» derwezeçisi Mamardaşwiliniň 1-nji ýarymyň ahyrynda gyzyl kart alan oýnunda Lewandowski 49-njy, 82-nji we 90+3-nji minutlarda tapawutlandy. 3-nji ýerdäki «Žirona» myhmançylykda «Las Palmasdan» 2–0 üstün çykdy. 4-nji ýer ugrunda göreşýän «Atletiko» bilen «Atletigiň» arasyndaky oýunda madridliler 3–1 hasabynda ýeňiş gazanyp, aratapawudy 6 utuga çykardy. Öz meýdançasynda «Hetafeden» 3–1 hasabynda utulan «Almeriýa» 2 ýyldan soň ýene-de 2-nji liga dolandy.
Germaniýanyň çempionatynda çempion «Baýer» bu tapgyrda-da 90-njy minutdan soň geçiren goly bilen ýeňlişden halas bolup, ýeňlişsizlik seriýasyny 46 duşuşyga ýetirdi. «Ştutgart» bilen duşuşan lewerkuzenliler myhmanlaryň 2–0 öňe saýlanandygyna garamazdan, hasaby deňlemegi başardy. «Bawariýa» öz meýdançasynda Keýniň gollary bilen «Aýntrahty» 2–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Tapgyryň merkezi duşuşygynda «Leipsig» öz meýdançasynda «Borussiýa Dortmundy» 4–1 hasabynda utup, 4-nji orna ymykly ornaşdy. «Haýdenhaýmdan» 1–0 hasabynda utulan «Darmştadt» toparynyň «Bundesligada» başdangeçirmesi tamamlanyp, ol täze möwsümde «Bundesliga 2»-de çykyş eder.