Angliýanyň çempionatynda çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan toparlardan «Arsenal» Demirgazyk London derbisinde, myhmançylykda «Tottenham» bilen duşuşyp, 1-nji ýarymda Hýoýbergiň (ö.d.), Sakanyň hem-de Hawertsiň gollary esasynda 3–0 öňe saýlandy. 2-nji ýarymda 2 gol geçiren «Tottenham» köne bäsdeşini oýnuň soňky minutlarynda aljyratsa-da, «Arsenal» çempionlyk ýolundaky bu kyn derbini ýitgisiz geçmegi başardy. Myhmançylykda «Nottingam Foresti» Gwardiol we Holannyň gollary esasynda ýeňen «Mançester Siti» topary 1 oýny az «Arsenalyň» söbügini basyp, 2-nji ýerde barýar. «Arsenalyň» 35 oýunda 80, «Mançester Sitiniň» 34 oýunda 79 utugy bar. «Arsenal» galan 3 tapgyrda öz meýdançasynda «Bornmut», myhmançylykda «Mançester Ýunaýted» hem-de Londonda «Ewerton» bilen duşuşar. «Mançester Sitiniň» bolsa galan 4 duşuşygynyň 3-si London klublary bilen bolar. Başgaça aýdylanda, Londonyň klublarynyň «Mançester Siti» toparynyň garşysyna görkezjek oýny Londonyň «Arsenalynyň» çempionlygyny kesgitlär. «Mançester Siti» indiki tapgyrda «Wulwerhemptony» kabul edeninden soň myhmançylykda «Fulham» bilen duşuşar. 34-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygyna-da Londonda «Tottenham» bilen oýun geçirjek «Mançester Siti» möwsümi öz meýdançasynda «West Ham» bilen jemlär.
19 oýundan bäri ýeňilmän gelýän «Mançester Sitiniň» tälimçisi Pep Guardiola APL-de 300-nji duşuşygynda 221-nji ýeňşini gazandy (41 deňlik, 38 ýeňliş). Ol bu görkezijä iň çalt ýeten tälimçi boldy. Şol sanda Guardiola APL-de bir klubda iň köp duşuşyk geçiren 4-nji tälimçi bolup, ondan öňde Arsen Wenger (828), Aleks Ferguson (810) hem-de Dewid Moýes (427) bar.