Türkmenistanyň futbol çempionatynda 10-njy tapgyrda sanawyň lideri «Arkadag» topary myhmançylykda «Altyn asyr» topary bilen duşuşdy. Duşuşykda myhmançylykdaky topar 4–2 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirýän «Arkadag» toparyna 3 utuk getiren gollary Şamämmet Hydyrow (9, 63), Didar Durdyýew (34) hem-de Begenç Akmämmedow (57) geçirdi. «Altyn asyr» toparynyň gollaryny bolsa Röwşengeldi Halmämmedow (55) bilen Arslan Saparow (76 p) öz atlaryna ýazdyrdylar.
6 goluň geçirilen duşuşygynda «Ahal» öz meýdançasynda «Merwden» 5–1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny Salim Umarow (11, 77), Akmämmet Metdäýew (21), Begenç Mämiýew (90+4) hem-de Alibek Abdyrahmanow (90+5) geçirdi. «Merwiň» ýeke-täk goluny-da 60-njy minutda