Banaianyň 20-nji ýeň­şi

3 Maý 2024
305

Mo­to GP bo­ýun­ça möw­sü­miň 4-nji ýa­ry­şy Is­pa­ni­ýa­nyň He­rez şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Şä­he­riň ady­ny gö­ter­ýän 4,4 ki­lo­metr­lik tras­sa­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «Ducati Le­novo» to­pa­ry­nyň ital­ýan sü­rü­ji­si Fran­çes­ko Ba­naia ýe­ňiş ga­zan­dy. Soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny 25 aý­law­dan yba­rat ýa­ry­şy 40 mi­nut 58,053 se­kunt­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 20-nji ýeň­şi­dir. Ýa­ryş­da «Ducati Gre­si­ni Racing» to­pa­ry­nyň is­pan pi­lo­ty Mark Mar­kes ýe­ňi­ji­den 0,372 se­kunt yza ga­lyp, 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Dün­ýä­niň 6 ge­zek çempiony Mark Mar­kes 558 gün­den soň il­kin­ji ge­zek ýe­ňiş mün­be­ri­ne çyk­dy. Bäs­le­şik­de «Per­ta­mi­na En­du­ro» to­pa­ry­nyň ita­li­ýa­ly sü­rü­ji­si Mar­ko Be­zek­ki 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.

Mo­to GP-de ge­çi­ri­len 4-nji ýa­ryş­dan soň is­pa­ni­ýa­ly Hor­ge Mar­tin 92 utuk bi­len öň­de­li­gi­ni sak­lap gel­ýär. 2-nji ýe­re beý­ge­len Fran­çes­ko Ba­naia­nyň 75, 3-nji orun­da­ky Enea Bas­tia­ni­niň 70 utu­gy bar. Is­pa­ni­ýa­ly Ped­ro Akos­ta bi­len Ma­we­rik Win­ýa­les 69 we 63 utuk top­lap, 4–5-nji orun­la­ry paý­laş­ýar­lar.

Beýleki habarlar