It­ler nä­me sebäpden kel­le­si­ni gy­şard­ýar?

3 Maý 2024
276

Kö­pi­mi­ziň iň ýa­kyn ça­ga­lyk dos­tu­myz bo­lan gü­jü­jek­ler dür­li oýun­la­ry edip, daş-tö­we­rekdäkilere he­zil ber­ýär­ler. We­pa­ly dos­tu­myzyň uza­ga zy­ňan ta­ýa­jy­gy­my­zy diş­läp ge­tir­me­gi, we­lo­si­ped­ sürýän wagtymyz «haw-haw­lap» yzymyzdan yl­ga­ma­gy şat­lyk­ly pur­sat­la­ry dö­red­ýär. Ki­çi­jik­di­gi­ne ga­ra­maz­dan gü­jü­gi­mi­ziň eder­men bol­ma­gy­ny is­läp, Gap­laň, Ba­sar, Až­dar, Böw­ser, Ýol­bars ýa­ly at­la­ry dak­ýa­rys. Eý­sem, siz aý­da­ny­ňa dü­şün­ýän, diý­le­ni ed­ýän iti­ňi­ziň tä­sin he­re­ket­le­ri ba­ra­da gy­zyk­la­nyp gör­dü­ňiz­mi?

It­le­riň syr­ly hä­si­ýet­le­rin­den bi­ri bo­lan kel­le­si­ni gap­da­la eg­mek en­di­gi adam­lar­da köp ýyl­lar­dan bä­ri gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. It­ler, köp­lenç ada­my diň­län­le­rin­de ýa-da daş-tö­we­re­gin­den gel­ýän se­si eşi­den­le­rin­de kel­le­si­ni bir ta­ra­pa gy­şard­ýar­lar. It sak­la­ýan­lar bu tä­sin en­di­giň se­bä­bi­ne dü­şün­mek is­le­ýär­ler. Eý­sem, it­ler kel­le­si­ni nä­me se­bäp­den bir gap­da­la eg­ýär­kä?!

Beýleki habarlar