Mi­la­dy aý­la­ry­nyň ady­nyň ma­ny­sy: ýan­war, few­ral, mart...

3 Maý 2024
335

Ha­sap ýö­ret­mek ir­ki dö­wür­ler­de ýü­ze çy­kyp, şol wagtlar Ga­dy­my Mü­sür­de, Rim­de we Hy­taý­da dür­li gör­nüş­li ka­len­dar­lar bo­lup­dyr. Gün­do­gar­da Aýyň Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ma­gy­na esas­la­nyp, hij­ri-ka­ma­ry ýyl se­ne­na­ma­sy ýö­re­di­len bol­sa, Gün­ba­tar­da Ýe­riň Gü­nüň da­şyn­dan aý­lan­ma­gy­na esas­lan­ýan Gri­gor­ýan se­ne­na­ma­sy ula­ny­lyp­dyr. Bu se­ne­na­ma­lar bi­ri-bi­ri­ne meň­zeş hem bol­sa, hep­de­le­riň bö­lü­ni­şi, aý­lar ba­bat­da ta­pa­wut­la­nyp­dyr. Aý we Gün se­ne­na­ma­la­ryn­dan baş­ga-da, Rim, Ge­zer, Ber­ber, Je­la­li se­ne­na­ma­sy ýa­ly ýyl ha­sap­la­ry hem dür­li halk­lar­da ýör­gün­li bo­lup­dyr.

Ka­len­da­ryň ösü­şi we kä­mil­leş­me­gi Ga­dy­my Mü­sür si­wi­li­za­si­ýa­syn­dan göz­baş al­ýar. Mü­sür­li­leriň iň ga­dy­my se­ne­na­ma­syn­da ýyl 3 möw­sü­me – ýa­gyş ýag­ma­sy (suw joş­ma­sy), ekin ekiş we ha­syl ýyg­na­mak möw­süm­le­ri­ne bö­lü­nip­dir. Mü­sür­li­ler­den soň wa­wi­lon­ly­lar hem her aýy 29,5 gün­lük, kä­te 1 gün gys­gal­ýan 354 gün­lük se­ne­na­ma­ny iş­läp düz­ýär­ler. Hä­zir­ki za­man se­ne­na­ma­nyň düý­bi mi­la­dy­dan öň­ki 46-njy ýyl­da Ýu­liý Se­zar ta­ra­pyn­dan taý­ýar­lan­ýar we ula­ny­şa gi­ri­zil­ýär. Ýu­li­ýan se­ne­na­ma­sy at­ly bu ka­len­da­ry im­pe­ra­tor Aw­gust mi­la­dy­dan öň­ki VIII asyr­da gaý­ta­dan iş­läp düz­ýär we kä­mil­leş­dir­ýär. Şeý­le­lik­de, mi­la­dy se­ne­na­ma­sy 12 aýa bö­lü­nip, her­si­ne mah­sus at go­ýul­ýar. Mi­la­dy aý­la­ry­nyň nä­me üçin ýan­war, few­ral, mart... diý­lip at­lan­dy­ry­lan­dy­gy ba­ra­da pi­kir edip gör­dü­ňiz­mi? Ge­liň, hä­zir­ki wagt­da ulan­ýan ýyl ha­sa­by­myz­da­ky aý at­la­ry­nyň ma­ny­sy bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Beýleki habarlar