Mo­na Li­za aý­ra­tyn otag ber­ler

3 Maý 2024
303

Fran­si­ýa­nyň Luwr mu­ze­ýin­de meşhur italýan suratkeşi Leonardo da Winçi tarapyndan çekilen Mo­na Li­za­nyň port­re­ti­ni gör­mek üçin, ilki no­ba­ta dur­ma­ly, soň­ra bol­sa, bu aja­ýyp ese­ri syn­la­mak üçin sähel salym wag­t be­ril­ýär. «Eu­ro­news»-yň ha­ba­ry­na gö­rä, go­laý­da mu­ze­ýiň ýol­baş­çy­la­ry port­re­te aý­ra­tyn ota­gyň ze­rur­dy­gy­ny mä­lim et­di­ler.

Her ýyl­da 10 mil­lio­na go­laý adam Mo­na Li­za­ny gör­mek üçin Pa­ri­že gel­ip, iki sa­gat­dan gow­rak wagt no­ba­ta dur­ýar­. Bu dün­ýä­niň iň köp gö­rül­ýän sun­gat ese­rleriniň biridir. Sun­ga­ty söýýänler ahyr­so­ňy Mo­na Li­za­nyň port­re­ti­niň asyl­gy du­ran za­ly­na ýe­ten­le­rin­de, ony aý­dyň gö­rüp bil­me­ýän­dik­le­ri­ne göz ýe­tir­ýär­ler. Se­bä­bi uly bol­ma­dyk port­re­tiň gar­şy­syn­da ger­mew goý­lup, ýü­zi hem go­rag aý­na­sy bi­len ör­tü­len­dir.

Beýleki habarlar