100 müň awtoulag çykarar. «Xiaomi»-niň ýolbaşçysy Leý Szýun kompaniýanyň 2024-nji ýyl üçin resmi meýilnamasyny yglan etdi. Ol «Xiaomi Auto» bölüminiň 100 müňden gowrak «Xiaomi SU7» çykarmagy maksat edinýändigini aýtdy. Häzirki wagtda «Xiaomi Auto» ýurduň 29 şäherinde 59 dükan açdy.
Täze önümlerini tanyşdyrar. «Apple» kompaniýasy 7-nji maýda täze önümlerini tanyşdyrar. Öňde boljak wakanyň tizerinde «Apple Pencil» galamy şekillendirilen. Şeýle-de bolsa, çärede haýsy enjamlaryň hödürlenjekdigi we olaryň bahasy barada jikme-jik maglumatlar bildirişde görkezilmeýär.