Her bir ulgamda zähmet çekmegiň, ol ulgamyň işiniň ussady bolmagyň buýsançly bolşy ýaly, mugallymçylyk hünäriniň ussady bolmak hem buýsançlydyr. Mugallym bolmak oňa bolan söýgüden başlanýar. Bu hünär parasatlylygy, asyllylygy, sagdyn pikirlenip bilmegi, her bir zatdan degerli we adalatly netije çykaryp bilmegi talap edýän mukaddes kärdir. Mugallymçylyk käriniň ussady bolmak hut şulary talap edýänligi üçin hem belent sarpa eýedir.
Ýurdumyzda bilim ulgamynda alnyp barylýan syýasaty durmuşa geçirmekde çagalary okatmagyň häzirki zaman multimediýa-interaktiw tehniki enjamlaryny peýdalanmak bilen dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bilim bermekligi ýola goýmak, çagalaryň tebigy zehinlerini, ukyplaryny ösdürmek umumybilim berýän orta mekdeplerde esasy maksat edilip goýulýar. Munuň mysalynda Aşgabat şäherindäki 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde hem öz işine ökde hünärmenleriň zähmet çekýändigini uly buýsanç bilen belläp geçmek gerek.