Änew medeniýetiniň taryhy kökleri dogrusynda söhbet açanymyzda, ilki bilen, döwlet Baştutanymyzyň iň täze ýüze çykarylan taryhy maglumatlary özünde saklaýan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Bu kitapda Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň beýik medeni mirasy we onuň taryhy esaslary dogrusynda düýpli we ylmy esasly gürrüň edýär. Sebäbi döwlet Baştutanymyz, bu kitabyň ýazylmagyna dünýä belli arheologlaryň, taryhçylaryň we olar bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Gahryman Arkadagymyzyň beren gürrüňleriniň uly ýardam berendigini nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiz kitabynda: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär. Elbetde, dünýäniň ösüşleriniň ilerlemegine mynasyp goşandyny goşmagy başaran halkyň, milletiň taryhy buýsançlary dogrusynda bilýän maglumatlaryňy bilmeýänler üçin elýeterli etmek örän sogaply işdir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir.