Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde eziz Watanymyzyň medeniýeti düýpli esasda öwrenilýär. Gadymy döwürlerden bäri türkmen medeniýeti çeper senetleriň ösüşindäki naýbaşy esaslary özünde jemläpdir. Türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny mynasyp şöhlelendirýän milli dizaýn sungatymyz munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen halkyny tutuş Ýer ýüzüne şöhratlandyran bu sungatyň ähmiýeti döwlet hem halkara derejesinde juda wajypdyr. Bu babatda Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşiginiň alyp barýan giň gerimli işleri bellenmäge mynasypdyr.
Dizaýn sungaty dünýä taryhynyň ähli sahypalaryndan eriş-argaç bolup geçýär. Adamzat jemgyýetiniň döremegi bilen, gadymy döwürlerden başlap adamzadyň ýaşaýşynyň ähli şertlerinde şekillendiriş sungatynyň bu görnüşi ulanylyp gelinýär. Şeýlelikde, dizaýn adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.