Tä­ze gat­naw­lar we müm­kin­çi­lik­ler

3 Maý 2024
243

Soň­ky dö­wür­de ýur­du­myz­da ýer­li we hal­ka­ra uçar gat­naw­la­ry­nyň ýy­gy­ly­gy yzy­gi­der­li art­ýar, şol san­da dür­li ýurt­la­ra tä­ze gat­naw ugur­la­ry hem açyl­ýar.

«Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň «Türk­me­nis­tan» awia­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň çar ýa­na ýaý­ra­ýan uçuş­la­ry ýur­du­my­zyň dün­ýä döw­let­le­ri bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dy­ryp, dost-do­gan­ly­gy, hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gy iler­led­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­ne öw­rül­ýär. Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de «Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek, dü­zü­mi­ni tä­ze uçar­lar bi­len art­dyr­mak, paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da tä­ze ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Beýleki habarlar