Ussatlyk okuwy geçirildi

2 Maý 2024
397

Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýaş alymlar geňeşi «Ýaş bagban» ylmy gurnagy tarapyndan Bütindünýä Ýer güni mynasybetli «Durnukly oba hojalygyny üpjün etmekde bagbançylygyň orny» atly ylmy maslahatynyň çäginde bagbanlar bilen talyp ýaşlaryň arasynda ussatlyk okuwy geçirildi. Oňa welaýatyň tejribeli bagbanlary, institutyň agronomçylyk fakultetiniň 3,4-nji ýyl talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Okuwyň barşynda sebitiň toprak-howa şertlerinde bagçylygy ösdürmek boýunça tejribeler, innowasion çözgütler we miweli baglary zyýan berijilerden goramak boýunça çözgütler öwrenildi.

Akdepe etrap ylmy-önümçilik synag hojalygynyň ussat bagbany Baýramdurdy Gurbanow, Şabat etrabynyň ýaşaýjysy, bagban Orazdurdy Soltyýew talyplara miweli baglaryň ösdürip ýetişdirilişi, ideg işleriniň geçirilişi, sapmak işleri, nahallaryň tiz wagtda ýetişdirilişiniň aýratynlyklary bilen bagly täsirli gürrüňleri berdiler. Täsirli geçen ussatlyk okuwynda talyplar bagbanlar bilen miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge degişli gyzyklandyrýan soraglary babatda özara pikir alyşdylar.

Aýnabat KERIMOWA,
TOHI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar