Edermenlige mekdep bolanlar

2 Maý 2024
448

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp günlerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy ýurdumyzda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Şu sene mynasybetli Bäherden etrabynyň bilim ojaklarynda TMÝG-niň etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda duşuşyklar geçirilýär. Etrapdaky 2-nji orta mekdepde etrabyň ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda «Edermenlige mekdep bolanlar» ady bilen geçirilen duşuşyk has-da täsirli boldy.

Duşuşykda halypa bilim işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri çykyş edip, Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezen pederlerimiziň merdanalygyna, ýar ojagyny saklan mähriban enelerimize goýulýan sarpa, edilýän hormat-sylag barada aýdyp geçdiler.

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar