“Ahal durmuşy” — biziň ýakyn syrdaşymyz

2 Maý 2024
354

Bu sözleri Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymlarydyr tehniki işgärleri ýüreklerinden syzdyryp aýdýar. 2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşyk başlanan dessine olar özleriniň söýgüli gazeti bolan “Ahal durmuşyna” abunaçy boldy. Bu ugurda mekdebiň müdiri Zülfiýa Abdyllaýewa, müdiriň orunbasarlary Ogulhan Hemraýewa, Jemal Ýazyýewa, mugallymlardan Nurgül Hemraýewa, Taşpolat Hallyýew, Şerapat Durdyýewa, Huramataý Hasanowa, Atadurdy Jumaýew, Oguldurdy Kadyrowa, Nezire Rüstemowa, Gülaýym Paltaýewa dagy kärdeşlerine nusga boldular. Olar gazetiň elektron görnüşini hem höwes bilen okaýarlar.

Zülpiýa ISLAMOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar